2040-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa önümçiligi Ýewropada 1,7 million iş ýerini döreder. Bu barada Ispaniýanyň nebit-himiýa kompaniýasy “Cepsa” we amerikan transmilli korporasiýasy “ManpowerGroup” Dawosda geçirilen Bütindünýä ykdysady forumynda hödürlän “Ýaşyl molekulalar: Ýewropada ýakyn wagtda zähmet bazaryndaky özgeişlik” atly hasabatynda bellenilýär. Hasabatda ýaşyl wodorod we bio-ýangyç ýaly täzelenip bilýän energiýa çeşmeleriniň öndürilmeginiň 1,7 million täze iş ornuny döretjekdigi hem-de 2040-njy ýyla çenli Ýewropanyň jemi içerki önüminiň 145 milliard ýewro çenli artdyrjakdygy bellenilýär.
Hasabata laýyklykda, Ispaniýa Ýewropada “ýaşyl” wodorod öndürmekde öňdebaryjy ýurtlaryň birine öwrüler. Ispaniýada “ýaşyl” molekulalar bilen baglanyşykly iň köp iş orny – 2040-njy ýyla çenli 181 müň iş orny dörediler. Ondan soň Beýik Britaniýa (173 müň) we Germaniýa (145 müň) gelýär.
Hasabata laýyklykda, energiýa öwrülişigi 2040-njy ýyla çenli döwürde orta we ýokary derejeli alymlara we inženerlere, elektriklere, administratiw we satuw direktorlaryna, magdan we gurluşyk işgärlerine, IT hünärmenlerine, metallurgiýa we ulag gurluşyk operatorlaryna bolan islegiň ep-esli artmagyna getirer.
-Biz diňe bir kompaniýalar üçin däl, eýsem millionlarça hünärmenler üçinem ägirt uly mümkinçilikleri döredýän täze döwür bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ýöne biz “ýaşyl” geçişe hünärmenleri taýýarlan halatymyzda gelejegimizi üýtgedip bileris – diýip, “ManpowerGroup” kompaniýasynyň direktory Ýonas Prizing aýtdy.
Hasabatda hünärmenleri, has köp talap edilýän hünärleri täzeden öwrenip bilmekleri üçin ähmiýetini ýitirýän hünärlerden ýygnamagyň möhümdigi bellenýär.