Köp adam howanyň sowuk günlerinde suw içmeýär. Emma gyşyna suw içmek immuniteti güýçlendirip, ýüze çykyp biljek keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Gyşyna howanyň sowuk bolmagy, günüň köp böleginiň ýapyk binalarda geçirilmegi bedendäki suwuň mukdaryny azaldýar. Lukmanlaryň belleýşi ýaly, suw içmek bedeniň temperaturasyny kadaly saklamaga-da ýardam edýär. Daşarda gezilende bolsa, ýel we sowuk howa bedeniň suw ýitgisine sebäp bolýar. Lukmanlar her gün 2-2,5 litr suw içmegi maslahat berýän hem bolsalar, her adamyň gündeki içmeli suwy ýaşyna, agramyna, gündelik fiziki hereketine, ýaşaýan ýeriniň tebigy şertlerine we saglyk ýagdaýyna görä üýtgeýär. Maşk edýänler ýa-da köp fiziki hereketi talap edýän işde işleýänler derleýändigi sebäpli has köp suw içmeli bolýarlar. Yssy we çygly ýerler hem derlemäge sebäp bolup, bedeniň suw zerurlygyny artdyrýar. Emdirýän aýallara hem köpräk suw içmek maslahat berilýär. Ir bilen bir bulgur ýyly suw içmek hem peýdalydyr. Bu ýagdaý bedeniň gije bolup geçen suw ýitgisiniň öwezini dolup, metabolizmi herekete getirýär. Mundan başga-da, suw içmek teniň guramagynyň öňüni alýar. Saglygy bilen bagly birahatlygy bolan adamlaryň her gün näçeräk suw içmelidigi barada lukmandan maslahat almagy ýerlikli hasap edilýär.
Şeýle-de, bedeniň keselden goraýjylyk ukybyny ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmeli, gök, bakja önümlerini köpräk iýmäge çalyşmaly. Uzak dowam eden dartgynlyk bedeniň immun ulgamynyň pese düşmegine getirýär. Ruhy taýdan deňagramlygy saklaň, gaharlanmaň, şadyýan boluň! Sagdyn durmuş ýörelgesi şatlyk bilen biri-birinden aýrylmazdyr. Şeýle-de, rahat uky saglygy berkitmegiň we harçlanan energiýany dikeltmegiň iň gowy usulydyr.
Aýsoltan ÝAGMYROWA,
Aşgabat şäheriniň 14-nji saglyk öýüniň baş lukmany.