Birleşen Patyşalykda dünýäniň emeli aň tehnologiýasy bilen üpjün edilen ilkinji ýol bejerýän maşyn synagdan geçirilýär. Bilermenleriň bellemegini görä, soňky ýyllarda emeli aň tehnologiýasy ösýär. Muny islendik pudakda hem görmek bolýar. Ýurduň Hartfordşir şäherinde geçirilýän synag oňyn netije beren halatynda onuň giňden ulanylmagyna garaşylýar. Inženerler özbaşdak hereket edýän maşynyň ýollardaky çukurlary, çat açan ýerleri ýa-da beýleki bökdençlikleri anyklaýandygyny we soňra oňarýandygyny belleýärler. ARRES PREVENT atly robot örän çalasyn hereket edýär. Şeýle bolansoň, bu robotyň işçilerden has çalt we netijeli işleýändigi mälim edildi. Ýörite tehnikany Liwerpul uniwersitetiniň hünärmenleri, «Robotiz3d» kompaniýasynyň inženerleri we şäheriň awtoýollary edarasynyň işgärleri bilelikde işläp taýýarlapdyrlar. Roboty döretmäge 2020-nji ýylda başlanypdyr. Häzirlikçe synag edilýän robotyň şu ýylyň dowamynda hakyky ýollarda ulanylmagyna garaşylýar. Hartfordşir şäher geňeşiniň wekili robotyň ýol oňarýan işçi toparlaryna ýardam etjekdigini aýdýar. Ol roboty adamlaryň deregine däl-de, olar bilen bile ulanmak isleýändiklerine ünsi çekdi. Robot ýolda aýlanyp, kameralar we beýleki enjamlar arkaly ýollaryň nätekiz ýerlerini anyklaýar.