Katarda dowam edýän 18-nji Aziýa Kubogy ýaryşynda “A” toparçadaky duşuşyklar tamamlandy. Toparçada 3-nji oýunlardan soň 1/8 finala çykan 2 ýygyndy hem belli boldy. Ýer eýeleri Kataryň ýygyndysy ilkinji 2 oýundan soň 6 utuk bilen ýaryşy dowam etdirjekdigi ozal belli bolsa-da, olar 3-nji duşuşygynda Hytaýyň ýygyndysyny 1-0 hasabynda ýeňdi. Katarlylara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 66-njy minutda Hassan Al-Haýdos derwezä girizdi. Şunlukda, Kataryň ýygyndysynyň çempionatdaky ýeňlişsiz ýörişi dowam edip, olar 9 utuk topladylar.

Toparçadaky beýleki duşuşykda Täjigistanyň ýygyndysy Liwanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda Liwanyň ýygyndysy Jradiniň 47-nji minutdaky goly bilen 1-0 hasabynda öňe saýlandy. 56-njy minutda Liwandan Al Zeiniň gyzyl kart almagy duşuşygyň ykbalyny kesgitledi. 80-nji minutda Umarbaýewiň goly bilen täjikler hasaby deňledi. Oýna soň goşulan Hamrokulow 90+2-nji minutda ýeňiş goluny geçirdi. Eminiň goşan 16 minutynda liwanlylar jan aýaman hüjüm etselerem olara hasaby deňlemek başartmady. Şunlukda, Täjigistanyň ýygyndysy ilkinji gezek gatnaşýan ýaryşynda toparçada 2-nji ýeri eýeläp, 1/8 finala çykmagy başardy.

Aziýa Kubogynda şu gün “B” hem-de “C” toparçalaryndaky soňky duşuşyklar geçiriler.