Italiýanyň öňdebaryjy klublaryndan “Ýuwentus” topary düzümini güýçlendirýär. Turin şäheriniň wekili Fransiýanyň “Lill” klubunyň portugaliýaly goragçysy Tiago Džalony transfer etdi. “Goja Sinýora” 21 ýaşyndaky goragçy üçin fransuz klubuna 3,6+2,6 million ýewro berer. “Ýuwentus” Džalo bilen 2026-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. 2019-njy ýylda “Milan” bilen şertnama baglaşan Džalo 1 duşuşyk hem geçirmän “Lill” toparyna transfer boldy. Ol “Lillde” çempionatyň çäginde 78 duşuşykda 3 gezek tapawutlandy.