«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap ähli türkmen halky bilen bir hatarda Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň agzybir işgärleri hem akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýar. Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge mümkinçilik berýär. Ýarym asyrdan gowrak wagt bäri welaýatyň çäginde hereket edip gelýän Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi 1971-nji ýylda döredildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir kabul edýän karardyr permanlaryny durmuşa ornaşdyrmakda ilkinjileriň hatarynda seslenýän Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň agzybir işgärleri hem çeken zähmetlerini üstünliklere besläp, ýokary netijeler bilen 2024-nji ýyla ynamly gadam goýdy.
Jemgyýetçilik toparymyz bilen ilat arasynda, edara-gurama merkezlerinde, kärhanalarda, mekdeplerde hem-de ýokary okuw mekdebinde çykyşlar gurap, foto we wideo şekilleriň, gerbäpleriň, ýörite taýýarlanan görkezme esbaplarynyň üsti bilen gözel tebigatymyzyň täsinliklerini, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada, ýangyn howpy hakynda rolikler taýýarlap, tebigy goraghanalar dogrusynda slaýdlar görkezmek arkaly wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýarys. Jemgyýetçilik bölümimiziň işgärleri agza bolup durýan edara-guramalar, kärhanalar, ýörite we ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan hoşniýetli gatnaşyklary saklap, indi ençeme ýyllardan bäri ekoulgamy gorap saklamak, gözel tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsine söýgi döretmek, ýangyn howpunyň öňüni almak ýaly wajyp düşünjeleri gursaklaryna guýup, ajaýyp tebigatymyzyň aýratynlyklary dogrysyndaky düşünjeleriniň has-da kämilleşmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýärler. Jemgyýetçilik toparymyz Türkmenistanyň milli teleýaýlymynda, türkmen radiosynda, metbugatda çykyş edip, alnyp barylýan buýsandyryjy işler halk köpçüligine ýetirilýär.
Şeýle hem ýangyna garşy göreş çäreleri hem geçirilýär. Şu ýerde esasy belläp geçesim gelýän zatlaryň biri hem jemgyýetimize agza bolan raýatlarymyzyň we edara kärhanalaryň sanynyň artýandygydyr. 2018-nji ýylda 137 edara-kärhana jemgyýetimize agza bolan bolsa, 2023-nji ýylda olaryň sany 234-e ýetdi. Agza sanymyz 2018-nji ýylda 64 müň bolan bolsa, geçen ýyl 95 müňden geçdi. Bu döwürde görkezijileriň hemmesi hem 50 göterimden geçdi. Jemgyýetçilik bölümimiziň täze döwrebap edara binasyna geçirilmegi bizi has-da begendirdi. Ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän mümkinçilikleri üçin çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň zähmetkeş işgärleri bolup, türkmen tebigatyny ösdürmäge, tebigy baýlyklary aýawly saklamaga öz goşandymyzy goşup, ýaş nesliň arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçireris. Goý, türkmen tebigaty güllesin, gül açsyn!
Maksat HAJYÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygy.