Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi ýurduň bütin çäginde 10 million jaýyň üçegine Gün panelini ýerleşdirmegi maksat edinýändiklerini belledi. Ýurt bu maksatnamany durmuşa geçirmek arkaly ilaty arassa energiýa bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Premýer-ministriň sözlerine görä, üçege ýerleşdiriljek Gün panelleri girdejisi pes we orta derejedäki maşgalalaryň energiýa üçin çykdajylaryny azaltmaga ýardam eder. Şeýle hem bu maksatnama ýurtda elektrik energiýasynyň importyny azaldar.
Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda birnäçe ýyldan bäri elektrik energiýasyny arassa çeşmelerden almak üçin dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Mundan ozal ýurtda otlularyň üçegine hem Gün panelleri ýerleşdirilipdi.