Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sy ösü­şin­de be­lent­den-be­lent iş­ler amala aşyrylýar. Hä­zir­ki wagt­da döw­le­ti­miz köp san­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň iş­jeň ag­za­sy bo­lup, iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn äh­mi­ýet­li iş­ler giň­den dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet iş­le­ri bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy bo­lan ÝU­NES­KO hem şo­la­ryň bi­ri­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň ÝU­NES­KO-nyň bio­lo­gik dür­lü­lik, bü­tin­dün­ýä me­de­ni we te­bi­gy mi­ra­sy hem-de ony go­ra­mak bo­ýun­ça Kon­wen­si­ýa­la­ry­na go­şul­ma­gy BMG-niň bu ýö­ri­te­leş­di­ri­len gu­ra­ma­sy bi­len mak­sat­na­ma­la­ýyn ugur­lar­da saz­la­şyk­ly iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ma­gy­nyň sy­ýa­sy-hu­kuk esas­la­ry­ny kes­git­le­ýär. Tej­ri­be­den gör­nü­şi ýa­ly, te­bi­gy, me­de­ni mi­ra­sy go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len gat­na­şyk­lar­da ýur­du­my­zyň ÝU­NES­KO bi­len 1993-nji ýyl­dan bä­ri hyz­mat­daş­lyk et­me­gi te­bi­gy ýag­daý­dyr. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki wag­ta çen­li Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wyn­da je­mi müň­den gow­rak ob­ýekt bo­lup, olar me­de­ni, te­bi­gy we ga­ry­şyk ýa­dy­gär­lik­ler gör­nü­şin­de ha­sa­ba alyn­ýar. Ob­ýekt­le­riň bu sa­na­wa gi­ri­zil­me­gi döw­let­le­re seý­rek te­bi­gy top­lum­la­ryň bi­te­wü­li­gi­niň we go­rag­ly­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni ke­pil­len­dir­ýär. Şo­nuň ýa­ly-da, şeý­le sa­naw­lar te­bi­gy, ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­riň meş­hur­ly­gy­nyň art­ma­gy­na, ta­ry­hy öw­re­ni­ji­le­riň ün­sü­ni çek­mä­ge hem-de hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de eko­lo­gik sy­ýa­hat­çy­lyk ýa­ly tä­ze ugur­la­ryň dö­re­dil­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär.
1994-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan ÝU­NES­KO-nyň «Bü­tin­dün­ýä me­de­ni we te­bi­gy mi­ra­sy­ny go­ra­mak ba­ra­da­ky» Kon­wen­si­ýa­sy­na go­şul­dy. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de ta­ry­hy we me­de­ni­ýet äh­mi­ýet­li 1000-den gow­rak ýa­dy­gär­lik­ler ýü­ze çy­ka­ryl­dy we ha­sa­ba alyn­dy.
ÝU­NES­KO-nyň esa­sy mak­sat­la­ry­nyň ara­syn­da bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da ýurt­la­ryň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi esa­sy orun al­ýar. ÝU­NES­KO me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­riň we te­bi­gy land­şaft­la­ryň go­rap sak­la­nyl­ma­gy ul­ga­myn­da­ky hal­ka­ra he­re­ket­le­rin­de öň­de­ba­ry­jy or­ny eýe­le­ýär, her bir hal­kyň umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na we ga­za­nan­la­ry­na hor­mat goý­mak esa­syn­da açyk gep­le­şik­ler üçin şert dö­ret­mek ba­ba­tyn­da iş­le­ri alyp bar­ýar.
Ýur­du­myz­da ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li to­pa­ry he­re­ket ed­ýär. Türk­me­nis­tan bi­len ÝU­NES­KO-nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek we bu to­pa­ryň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len 2020-nji ýy­lyň 23-nji okt­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di, oňa la­ýyk­lyk­da ÝUNESKO-nyň iş­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li to­pa­ry­nyň dü­zü­mi we onuň Düz­gün­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz türk­men hal­ky­nyň mil­li me­de­ni mi­ra­sy­nyň go­ral­ma­gy­na uly äh­mi­ýet ber­ýär. Hut şu nuk­daý­na­zar­dan, türk­men hal­ky­nyň mad­dy we ru­hy me­de­ni­ýe­ti­niň köp­san­ly des­ga­la­ry­nyň hem-de gym­mat­lyk­la­ry­nyň ÝU­NES­KO-nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi üçin hö­dür­na­ma­lar tek­lip edil­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk se­ne­si­niň ga­bat gel­me­gi örän gu­wan­dy­ry­jy wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Şol ýyl­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä Ýaş­lar jem­gy­ýe­ti­niň res­mi ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­me­gi ýaş­la­ryň buý­san­jy­ny be­len­de gal­dyr­dy. Hä­zir­ki wagt­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da BMG-niň bu ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­lyk bar­ha gi­ňel­ýär, tä­ze anyk ma­ny-maz­mu­na eýe bol­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de hem-de Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­tyn­da ÝUNESKO ka­fed­ra­la­ry dö­re­dil­di. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň üçü­sin­de – Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­tyn­da, Türk­me­nis­ta­nyň DIM-niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da hem-de Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­tyn­da ÝU­NES­KO klub­la­ry açyl­dy, umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň 6-sy bu gu­ra­ma­nyň as­so­sir­le­nen mek­dep­le­ri­niň to­ru­na go­şul­dy.

Bag­ty­ýar AL­LO­WOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Har­by ins­ti­tu­ty­nyň har­by ta­ly­by.