Bri­ta­ni­ýa­nyň «Ti­me Out» sy­ýa­hat­çy­lyk žur­na­ly gez­mek üçin dün­ýä­niň iň go­wy 20 şä­he­ri­niň sa­na­wy­ny ýaý­rat­dy. 2024-nji ýyl­da sy­ýa­hat edil­me­gi mas­la­hat be­ril­ýän şä­her­ler saý­la­nan­da, şol şä­her­de hö­dür­len­ýän ta­gam­la­ra (hi­li we ba­ha­sy), me­de­ni­ýe­ti­ne, güý­men­je ýer­le­ri­ne we beý­le­ki öl­çeg­le­re ba­ha ber­lip­dir. Bi­rin­ji on­luk­da­ky şä­her­le­riň al­ty­sy Ýew­ro­pa­da ýer­leş­ýär. Sa­na­wyň bi­rin­ji or­nun­da ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­ri bar. Ikin­ji ýe­ri Keýp­ta­un (Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy), üçün­ji or­ny Ger­ma­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Ber­lin eýe­läp­dir. De­giş­li­lik­de, Lon­don (Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk) hem-de Mad­rid (Is­pa­ni­ýa) il­kin­ji bäş­li­gi jem­läp­dir. Me­hi­ko si­ti (Mek­si­ka), Li­wer­pul (Ang­li­ýa), To­kio (Ýa­po­ni­ýa), Rim (Ita­li­ýa) we Por­to (Por­tu­ga­li­ýa) il­kin­ji on­luk­da özü­ne orun ta­pyp­dyr. Şeý­le hem sa­naw­da Pa­riž, Mum­baý, Lis­sa­bon, Çi­ka­go, Man­çes­ter ýa­ly şä­her­ler bar.

Sel­bi­ni­ýaz GUR­BA­NO­WA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.