Gyş paslynda howanyň üýtgäp durmagy zerarly möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli.
Açyk howada gezelenç etmeli.
Zähmet bilen dynç alşy kadaly alyp barmaly.
Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaly.
Iş ýerimizde we öýümizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly.
Eliňizi mydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.
Howanyň ýagdaýyna görä geýinmeli.
Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.
Lukmanyň beren maslahatlaryny doly we dogry berjaý etmeli.
Özbaşdak derman serişdelerini ulanmaly däl, olar özbaşdak ulanylanda birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler.
Ýylyň dowamynda saglyk barlaglaryndan geçmegi endik edinmeli.
Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli.
Gök we bakja önümleri, miweleri köpräk iýmeli.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.