yş paslynda adamlar ýygy-ýygydan dümewleýärler. Dümewden soň wirus alamatlarynyň gaýtadan dikelmezligi üçin immuniteti güýçlendirmeli, bedeni zerur bolan witaminler bilen üpjün etmeli. Bilermenler dümewden soň düzüminde has köp witamin, mineral we antioksidant saklaýan iýmitleri iýmegi maslahat berýärler.
Nar antioksidant güýje eýe bolan iň gowy miweleriň biri bolup, düzümindäki polifenollar öýjükleriň zeperlenmegini azaldýar. Şeýle hem öýjükleriň çişme alamatlarynyň döremeginiň öňüni alýar. Nary terligine iýmek oňaýly bolmasa, şiresini içip ýa-da işdäaçara goşup iýip bilersiňiz.
Sitruslar maşgalasyndan bolan limon, pyrtykal we mandarin ýaly miweler C witaminiň çeşmesi hasaplanýar. Sitrus miweleri erkin radikallara garşy göreşip, immuniteti güýçlendirýär. Mundan başga-da, narynç reňkli miweleriň düzümindäki gesperedin we apigenin ýaly flawonoidler beýnini goraýar we nerw bozulmalarynyň öňüni alýar. Her gün 1 apelsin iýmek we işdäaçara limonyň suwuny goşmak bilen bedeniň C witamine bolan zerurlygyny kanagatlandyryp bolýar.
Ýumurtga ýokary hilli belogy we aminokislotalary özünde jemleýän iýmit bolup, dümewden soň öýjükleriň zeperlenmeginiň öňüni alýar. Ertirlik naharynda ýumurtgany gaýnadyp iýmek has peýdaly hasaplanýar.
Balyk belogyň esasy çeşmesi bolup, immuniteti güýçlendirýär. Hepdede bir gezek balyk iýmek insult we ýüregagyry töwekgelçiligini azaldýar. Gaýnadylýandygyna, gowrulýandygyna ýa-da közde bişirilýändigine garamazdan, ýagly balyk iýmek has peýdaly hasaplanýar.
Brokkoli gök önümleriň arasynda witaminlere iň baýy hasaplanýar. C, K witaminini, bioaktiw birleşmeleri özünde jemleýän kelemiň bu görnüşi immuniteti güýçlendirip, çişme howpuny azaldýar. Şeýle hem düzümindäki süýüm birleşmeleri ýürek-damar saglygyny gorap, iýmit siňdirişi ýeňilleşdirýär.
Käşiriň düzümindäki betakarotin atly antioksidantlar immuniteti güýçlendirýär. Mundan başga-da, käşirde saklanýan A, K witamini we kaliý gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Her gün 1-2 käşir iýmek görşüň gowulanmagyna ýardam edýär.
Zenjebil saglyk üçin peýdaly iýmitleriň biri bolup, ýürek bulanma täsirini azaldýar. Bedeni bakteriýalardan we wirusdan goraýar. Zenjebil çaýy immuniteti güýçlendirip, çişme alamatlaryny azaldýar.
Bal gymmatly antioksidantlary özünde jemleýän tebigy iýmit bolup, üsgülewük alamatlaryny azaldýar. Ukynyň hilini gowulandyryp, ýaralary bejermäge kömek edýär. Bilermenler 1 ýaşamadyk bäbeklere bal iýdirmegi maslahat bermeýärler.
Suw dümew alamatlaryny ýeňip geçmek üçin iň gowy tebigy serişdeleriň biridir. Adam dümewlän wagty köp mukdarda suwuklyk ýitirýär. Munuň öwezini her gün 8-10 bulgur suw içmek arkaly dolmaly ýa-da çorbadyr ösümlik çaýlaryny köpräk içmeli.