Britan Antarktika barlaglary institutynyň (BAS) hünärmenleri Günorta polýusda pingwinleriň süri bolup ýaşaýan ýerlerini anykladylar. Emeli hemralar arkaly buzly yklymda jemi dört sany pingwin sürüsi tapyldy. Tebigy şertler sebäpli pingwinleriň başga ýerlere göçýändigini, şol sebäpli olaryň emeli hemralar arkaly yzarlanýandygy bellenilýär. Bu barada ýaýradylan maglumatda imperator pingwinleriniň 30 kilometrden gowrak aralyga göçendikleri, geçirilen barlaglarda olaryň täze dört sürüsiniň üstünden barlandygy mälim edildi. Sürüleriň biri has öňki ýyllarda pingwinleriň terk eden Halli aýlagyndan tapylypdyr. Guşuň uçup bilmeýän bu görnüşi ýaşamak üçin amatly bolan bu ýerde gaýtadan ýygnanypdyr. Pingwinler köpelmek üçin amatly ýerleri gözläp, başga ýerlere göçýärler. Täze sürüleriň tapylmagy bilen Antarktikadaky pingwin sürüleriniň sany 66-a ýetdi. Ýaýradylan maglumatda pingwinleriň täze sürüleriniň tapylandygyna garamazdan, olaryň sanynyň howp astyndadygy, täze sürüleriň üçüsinde müňden az pingwiniň bardygy bellenilýär. Imperator pingwinleri kenara golaý ýerde ýaşaýar, emma köpelmek üçin köplenç, barmasy kyn ýerlere göçýär.
Laçyn KULLAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkeziniň Maglumat tehnologiýalary boýunça hünärmeni.
PDF









