Emori uniwersitetiniň Maýkl Karlos adyndaky sungat muzeýi bikanun äkidilen üç eseri Gresiýa gaýtaryp berdi. Gresiýanyň Medeniýet ministrliginiň beýanatyna görä, Kritde, Epirde we Attikada tapylan eserler ýurtdan bikanun äkidilip, soňra Maýkl Karlos adyndaky sungat muzeýine tabşyrylypdyr.
Artefaktlaryň arasynda miladydan öňki XIV asyr bilen senelenýän palçyk Minoý sarkofagy, miladydan öňki II asyra degişli ýaş zenanyň mermer heýkeli hem-de miladydan öňki IV asyryň ahyryna degişli erkek kişiniň heýkeli bar.