“Premier Ligada” häzirki wagtda sanawyň 1-nji ornunda barýan “Liwerpul” toparynyň tälimçisi Ýurgen Klopp möwsümiň ahyrynda klubdan gidýändigini mälim etdi. 56 ýaşyndaky germaniýaly hünärmeniň wezipesini taşlajakdygy klubuň sosial media ulgamy arkaly habar berildi.

Klopp: “Bu habary eşideniňizde köpüňiz geň galyp bilersiňiz. Ýöne muny size düşündirmekçi. Men Liwerpuly gowy görýän, bu şäheri, topary, janköýerleri, toparyň düzümini halaýaryn. Ýöne şeýle netije gelmeli bolup durun. Güýjüm gutarýar. Häzirki wagtda mesele ýok. Emma şu habary bermelidigimi köp wagtdan bäri bilýärin. Şu wagt ýagdaýym gowy ýöne” diýip, beýanat berdi.

Ýurgen Klopp 2015-nji ýylyň oktýabrynda “Liwerpulyň” tälimçiligine bellenipdi. Klub onuň tälimçiliginde “Premier Ligada” 30 ýyldan soň ilkinji çempionlygyny gazanypdy. Şeýle-de, Klopp “Liwerpula” UEFA Çempionlar Ligasynyň çempionlygyny, UEFA Super Kubogyny, FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogyny, Angliýanyň Super Kubogyny, FA Kubogyny, Angliýanyň Liga Kubogyny gazandyrdy. Klub UEFA Çempionlar Ligasynda 2 gezek 2-nji ýeri eýeledi.