Asly Beýik Britaniýaly bolan dubaýly Paula Rala atly türgen gyz iň uzak welosipedli syýahatyna başlamaga taýynlanýar. Ol 82 günde 23 müň kilometri geçip, täze dünýä rekordyny goýmaga bil baglýar. BAE-niň habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, welosiped sürüji Keýp-Poýntdan (Günorta Afrika) ugur alyp, Nordkapda (Norwegiýa) syýahatyny tamamlar. Onuň agyr syýahaty 19 ýurdy öz içine alýar.
Ol beýleki aýal-gyzlara arzuwlaryna ýetmegine ylham bermek maksady bilen bilen dört ýyllap “Uzyn ýöriş” meýilleşdirip gelýändigini aýtdy. Ralf öz tagallalary bilen bir hatarda, ruhy saglyk baradaky düşünjäni ýokarlandyrmak we kemçilikli çagalar üçin bilimiň ähmiýetini bellemek isleýär. Welosipedli başdan geçirmeleri bilen bir hatarda, Paula kemçilikli çagalar üçin mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge kömek etmek maksady bien gazna döretmegi meýilleşdirýär.
Türgen gyz abunaçylaryny öz üstünligine gözegçilik etmäge, gözel ýerler bilen tanyş bolmaga we kynçylyklary ýeňip geçmäge çagyryp, syýahatyny sosial ulgamlarda paýlaşmagy meýilleşdirýär.