27-nji ýan­war­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň adam hu­kuk­la­ry ba­bat­da hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­nyň we hal­ka­ra yn­san­per­wer hu­ku­gy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di, oňa Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň, ýur­du­my­zyň bir­nä­çe mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Gün ter­ti­bi­ne la­ýyk­lyk­da, Pu­da­ga­ra to­pa­ry­nyň 2023-nji ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ral­dy hem-de 2024-nji ýyl­da öň­de goý­lan we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Mej­li­se gat­na­şy­jy­lar adam hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­mek hem-de hal­ka­ra yn­san­per­wer hu­ku­gy­nyň ka­da­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek ba­bat­da döw­let eda­ra­la­ry­nyň we jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça öň­de du­ran we­zi­pe­le­riň esa­sy ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Çy­kyş­lar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy mil­li tej­ri­be­le­ri, şeý­le hem hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň ka­da­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär.
Ha­sa­bat döw­rün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň bar­şyn­da çy­kyş eden­ler ra­ýat­la­ryň ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­ni hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da go­ra­ma­gyň Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler. “Türk­me­nis­tan­da adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça 2021-2025-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň mil­li Me­ýil­na­ma­sy­ny”, Türk­me­nis­tan­da gen­der deň­li­gi bo­ýun­ça 2021-2025-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň Mil­li Me­ýil­na­ma­sy­ny”, “Türk­me­nis­tan­da ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça 2023-2028-nji ýyl­lar üçin he­re­ket­le­riň mil­li Me­ýil­na­ma­sy­ny” dur­mu­şa ge­çir­mek ug­run­da top­lum­la­ýyn iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Şeý­le hem BMG-niň dü­züm­le­ri we beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len bi­le­lik­de mak­sat­na­ma­lar we tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. De­giş­li­lik-de, ge­çen ýyl hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len bi­le­lik­de ne­ti­je­li iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di, anyk ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy.
Mej­li­siň çäk­le­rin­de bu dü­zü­miň 2024-nji ýyl üçin iş me­ýil­na­ma­sy­na ga­ral­dy hem-de me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­ri anyk dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­ler kes­git­len­di. Pu­da­ga­ra to­pa­ry­nyň mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­ne la­ýyk­lyk­da, “Hal­ka­ra yn­san­per­wer hu­ku­gy­nyň (HYH) or­naş­dy­ryl­ma­gy ba­ba­tyn­da­ky 2024-2028-nji ýyl­lar üçin iş me­ýil­na­ma­sy­nyň” tas­la­ma­sy ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň 2022-2028-nji ýyl­lar üçin mak­sat­na­ma­syn­da adam hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­me­giň we ra­ýat jem­gy­ýe­ti­ni ös­dür­me­giň wa­jyp şer­ti hök­mün­de adam ma­ýa­sy­nyň eýe­le­ýän or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň esa­sy ugur­la­ry kes­git­le­nil­di. Şu nuk­daý­na­zar­dan, mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bin­de Türk­me­nis­tan­da Adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly we­ki­liň – Ada­lat­çy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni güýç­len­dir­me­giň ugur­la­ry, hu­su­san-da Ada­lat­çy­nyň di­wa­ny­nyň gur­lu­şyn­da ça­ga­la­ryň, ze­nan­la­ryň we te­le­ke­çi­le­riň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak bo­ýun­ça tä­ze ugur­la­ry aç­mak bi­len bag­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da döw­let eda­ra­la­ry­nyň adam hu­kuk­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek çyg­ryn­da­ky iş­le­ri­ni kä­mil­leş­di­ril­me­giň, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­na we dur­muş ul­ga­my­na san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­niň, ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de ila­tyň in­tel­lek­tu­al ukyp­la­ry­ny ama­la aşyr­mak üçin döw­re­bap müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. “Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, ýaş­la­ryň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň wa­gyz edil­me­gi­ne, ola­ryň wa­tan­çy­lyk, zäh­met­sö­ýer­lik, ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk we ra­ýat jo­gap­kär­çi­li­gi ru­hun­da ter­bi­ýe­len­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi nyg­tal­dy.
Pu­da­ga­ra to­par mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň ka­da­la­ry bi­len ut­gaş­dyr­mak bo­ýun­ça tek­lip­le­ri taý­ýar­la­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ha­sa­bat döw­rün­de ge­çi­ri­len çä­re­ler hu­kuk ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek hem-de Türk­me­nis­ta­nyň adam hu­kuk­la­ry we azat­lyk­la­ry ba­bat­da hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny iş ýü­zün­de ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ril­di.
Şeý­le hem, Pu­da­ga­ra to­pa­ryň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da Mil­li ha­sa­bat­la­ry taý­ýar­la­mak we ola­ry Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ko­mi­tet­le­ri­ne iber­mek ýa­ly iş­ler bar. Çy­kyş­lar­da bel­le­nil­şi ýa­ly, se­re­dil­ýän dö­wür üçin bir­nä­çe kon­wen­si­ýa­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek hem-de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça Mil­li ha­sa­bat­lar üçin tek­lip­ler taý­ýar­la­nyl­dy. Şun­da Türk­me­nis­ta­nyň adam hu­kuk­la­ry we yn­san­per­wer hu­ku­gy ba­bat­da ga­za­nan­la­ry­na üns be­ril­di.
Pi­kir alyş­ma­la­ryň çäk­le­rin­de nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Pu­da­ga­ra to­par ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler bi­len bir ha­tar­da, ila­tyň hu­kuk bi­lim­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, hu­kuk mag­lu­mat­la­ry­na el­ýe­ter­li­li­gi gi­ňelt­mek me­se­le­le­ri­ne uly üns ber­di.
To­pa­ryň Iş me­ýil­na­ma­syn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň çäk­le­rin­de bel­le­ni­li­şi ýa­ly, adam hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak ba­bat­da iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­le­ri­ni öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra bi­ler­men­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da mas­la­hat­la­ry, iş du­şu­şyk­la­ry­ny, ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Pu­da­ga­ra to­pa­ryň mej­li­sin­de baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re se­re­dil­di.