2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilip, guramanyň 6 resmi dilinde ýaýradyldy.
Resminamanyň doly mazmuny bilen bellenen salgyda tanyşyp bilersiňiz: https://undocs.org/home/mobile?finalsymbol=a/78/694.
Resminama BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň “Parahatçylyk medeniýeti”, “Dünýä gurluşy we parahatçylygy goldamak”, “Merkezi Aziýa parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy” gün tertibiniň bölüminde çap edildi.
Resminama Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen 2023-nji ýyl “Dialogyň kepili hökmünde parahatçylygyň halkara ýyly” ählumumy kampaniýasynyň netijelerine ýokary baha bermek bilen, BMG-niň Baş sekretarynyň “Biziň ählimiziň gün-tertibimiz” atly nutugyny ilerletmekde onuň ähmiýetli ornuna üns çekýär. Bu ählumumy başlangyç parahatçylygyň we howpsuzlygyň ýörelgelerini öňe sürmäge, döwletleriň arasynda ynamy we dialogy berkitmek hem-de ösdürmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. Şeýle-de, resminamada parahatçylygy, raýdaşlygy hem-de sazlaşygy gazanmakda syýasy gepleşiklere, dialoga we döwletleriň arasyndaky ynama ähmiýet berilmegi ündelýär.
Resminamada gapma-garşylyklary aradan aýyrmakda dialogyň orny, inklýuziw we durnukly geljegi üpjün etmekde ýaşlaryň hem-de zenanlaryň dialogynyň möhüm ähmiýeti beýan edilýär.