2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Mongoliýa Russiýa Federasiýasyndan 71 müň 580 tonna nebit we nebit önümlerini import etdi. Ýerli metbugat bu barada Mongoliýanyň Nebit we mineral serişdeler müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.
“Bu görkeziji geçen ýylyň ortaça aýlyk sarp edilişi bilen deňeşdirilende, 30 göterim ýokarlandy” diýilip, resmi beýanatda aýdylýar.
Häzirki wagtda Mongoliýada nebiti gaýtadan işleýän zawodlar ýok we köp derejede Russiýanyň benzin we dizel üpjünçiligine garaşly.
Mongoliýanyň Magdan we agyr senagat ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda ýurt 604 müň tonnadan gowrak AI-92 benzini import edipdir. Şol bir wagtyň özünde, takmynan, 97% ýangyç Russiýadan, galanlary Hytaýdan getirilipdir.