28-29-njy ýanwarda Rimde “Italiýa-Afrika: umumy ösüş üçin köpri” şygary bilen köpden bäri garaşylýan halkara sammiti geçirildi. Maslahatyň maksady, Italiýanyň Afrika sebitine bolan çemeleşmesini täzeden garamak üçin Italiýanyň strategik meýilnamasyny hödürlemekden ybaratdyr.
Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga gönükdirilen milli italýan “Mattei maksatnamasy” bu ýurtlaryň dürli maksatnamalary üçin 5,5 milliard ýewro bölüp bermegi meýilleşdirýär. Bu barada Italiýanyň Premýer-ministri Jorjiýa Meloni 40-dan gowrak Afrika döwletiniň wekilleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Rimde geçirilen Italiýa-Afrika sammitinde mälim etdi.
Ol Italiýanyň howa gaznasyndan 3 milliard, hyzmatdaşlyk we ösüşe ýardam gaznasyndan 2,5 milliard ýewro bölünip beriljekdigini habar berdi. Ol synag taslamalarynyň arasynda Marokkoda gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyndaky uly hünär okuw merkezini, Tunisdäki bilim taslamalaryny we Kot-Iwuardaky saglygy goraýyş taslamasyny ýatlap geçdi.
-Esasy ýörelgämiz bilelikdäki işdir. Üstünlikli modelleri beýleki gyzyklanýan ýurtlara hem gönükdirip bolar – diýip Meloni aýtdy. Ol Alžir, Mozambik, Müsür, Kongo Respublikasy, Efiopiýa we Keniýa ýaly ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynyň üstünde durup geçdi.