Hytaýda ýaşy 90 million ýyla golaý bolan dinozawryň galyndylaryny tapdylar, ol täze görnüşe degişli bolup biler. Bu barada “Xinhua” agentligi habar berýär. Bu tapyndy Gançžou şäherindäki gurluşyk meýdançalarynyň birinde ýüze çykaryldy. Gözlegleriň dowamynda alymlar galyndylaryň Titanozawrlaryň täze görnüşine degişlidigini anyklap, ony “Gandititan cavocaudatus” diýip at berdiler. Ystyhanlaryň arasynda, aýratyn hem, dinozawryň bedeniniň uzynlygynyň, takmynan, 14 metrdigini çaklamaga mümkinçilik berýän gowy saklanan oňurga süňki bar.