2-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, bu toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň we söz ussatlarynyň heýkellerini oturtmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ulanmaga beriljek medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly görnükli şahsyýetleriň, meşhur ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň oturdylmagynyň umumadamzat gymmatlyklaryna hormatdan nyşandygyny belledi. Munuň özi medeni gatnaşyklaryň halkara derejede has-da rowaçlanmagyna getirer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu heýkelleriň taslama görnüşlerini has-da kämilleşdirip, degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy

Soňra wise-premýer 5-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, wise-premýere Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasyny mynasyp derejede geçirmegi tabşyrdy.