Her ýylyň 9-njy fewralynda, Özbegistanda we dünýäniň köp ýurtlarynda özbek halkynyň beýik ogly Alyşir Nowaýynyň doglan gününe bagyşlanyp, halkara maslahatlary we şahyra bagyşlanan okaýyşlar guralýar. Şu ýyl hem özbek nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy, gumanist, Orta asyr gündogarynyň döwlet işgäri, şahyr Alyşir Nowaýynyň 583 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreler guralýar. Bu mynasybetli biziň ýurdumyzda hem bellenip geçilýär.
Bu sene mynasybetli, 5-nji fewralda Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hem-de ýurdumyzda akreditirlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Brifingde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmalžon Kuçkarow iki doganlyk ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar barada aýdyp, anyk maglumatlar berdi. Şeýle hem Ilçi öz çykyşynda görnükli şahyr Alýşir Nowaýynyň edebi mirasynyň üýtgeşik we köp ugurlydygyny belledi. Onuň sözlerine görä, şahyryň köp sanly şygyrlar ýygyndysy, poemalary, ylmy işleri, şahyrana tezkireleri özbekleriň, türkmenleriň we beýleki halklaryň buýsanjy we baýlygydyr. Şahyryň eserleri XV asyryň ahyrynda Merkezi Aziýa halklarynyň medeni we ruhy durmuşyny bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar. Gadym döwürlerden bäri Özbegistanyň we Türkmenistanyň doganlyk halklary özara hormat, ynam we ynsanperwer ýörelgelere esaslanyp, dostlukly gatnaşyklar ýola goýupdyrlar. Umumy taryhy, umumy ynamy, medeniýeti we dili bolan halklar ykbalyň ýowuz synaglaryny bilelikde ýeňip geçipdirler. Olar ýagşy günlerinde bir-biriniň ýanynda bolup, şu günki günde garyndaşlyk gatnaşyklary bilen müň ýyllyk dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkidýärler. Alyşir Nowaýynyň döredijilik mirasy türkmen halkynyň medeniýetiniň we taryhynyň ösmegine uly täsir etdi. Mollanepes, Nurmuhammet Andalyp, Kemine, Magtymguly ýaly görnükli türkmen şahyrlary we akyldarlary ony öz halypasy we ylham çeşmesi hasaplapdyrlar. Şeýle hem Ilçi Özbegistanda Magtymgulynyň mirasyna ýokary sarpa goýulýandygyny, özbek aýdymçylaryň beýk türkmen şahyrynyň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirýändiklerini belledi.
Özbek edebiýatyny esaslandyryjy, filosof we döwlet işgäri Alyşir Nowaýy ömründe 30-dan gowrak eser döretdi. Olar henizem bütin dünýäde okalýar, terjime edilýär we öwrenilýär.