4-nji fewralda Salwadorda geçirilen Prezident saýlawlarynda häzirki Prezident Naýib Bukele, sesleriň 83%-i bilen öňde barýar. Bu barada Merkezi Amerika Respublikasynyň ýokary Saýlaw Kazyýetiniň web sahypasynda habar berilýär.
Bukele üçin 1 million 295 müň 888 ses, iň ýakyn bäsdeşi, öňki deputat Manuel Flores üçin 110 müň 244 ses berlip, jemi 1,56 million ses hasaba alyndy.
Naýib Bukele saýlawlarda 85%-den gowrak ses alyp, ýeňiş gazanandygyny we onuň “Täze pikirler” partiýasynyň bolsa, parlament saýlawlaryndan soň Kanun çykaryjy assambleýada (bir palataly) 60 orundan 58-sine eýe bolandygyny aýtdy. Parlament saýlawlarynyň netijeleri ýakyn wagtda ýurduň Ýokary saýlaw kazyýetiniň web sahypasynda çap ediler.