Angliýanyň “Premier Ligasynda” 23-nji tapgyryň iň soňky oýnunda “Mançester Sitiniň” myhmançylykda Fil Fodeniň het-trigi bilen “Brentfordy” 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu duşuşykda geçirilen 4 goldan soň çempionatda taryhy rekord goýuldy. “Premier Liganyň” 23-nji tapgyrynda oýnalan 10 duşuşykda jemi 45 gol geçirildi. Bu görkeziji bolsa 1995/96 möwsüminden bäri 20 klubuň çykyş edýän döwründe 1 tapgyrda geçirilen iň köp gol boldy. Mundan ozalky rekord 44 gol bolup, 2020/21 möwsüminiň 2-nji tapgyrynda hem-de geçen möwsümiň 34-nji tapgyrynda bu görkeziji hasaba alnypdy.

23-nji tapgyryň iň köp golly oýny “Nýukasl” – “Luton Tawn” duşuşygy bolup, klublaryň hersi 4 goly derwezä girizdi. Bu tapgyrda diňe 2 kluba gol geçirtmek başartmady.

Bu tapgyrda 2 futbolçy het-trik, 4 futbolçy-da dubl etdi.

 

Ewerton – Tottenham: 2-2

(Harrison 30, Brentwaýt 90+4 – Rişarlison 4, 41),

Börnli – Fulham: 2-2

(Fofana 71, 90+1 – Palinýa 17, Muniz 21),

Braýton – Kristal Palas: 4-1

(Dank 3, Hinşelwud 33, Buonanotte 34, Žoao Pedro 85 – Mateta 71),

Nýukasl – Luton Tawn: 4-4

(Longstaff 7, 23, Trippier 67, Barns 73 – Oşo 21, Barkli 40, Morris 59 p, Adebaýo 62),

Şeffild Ýunaýted – Aston Willa: 0-5

(Makginn 12, Watkins 16, Beýli 20, Tilemans 30, Moreno 47),

Bornmut – Nottingam Forest: 1-1

(Kluiwert 5 – Hadson-Odoi 45),

Mançester Ýunaýted – West Ham: 3-0

(Heýlunn 23, Garnaço 49, 84),

Çelsi – Wulwerhempton: 2-4

(Palmer 19, Tiago Silwa 86 – Mateus Kunýa 22, 63, 82 p, Disasi 43 ö.d.),

Arsenal – Liwerpul: 3-1

(Saka 14, Martinelli 67, Trossar 90+2 – Gabriel 45+3),

Brentford – Mançester Siti: 1-3

(Mope 21 – Foden 45+3, 53, 70)