Arassaçylyk adam üçin iň derwaýys zatlaryň biri. Çünki arassaçylyk saglygyň girewidir. Wagtly-wagtynda arassaçylyk işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek: ýatýan otagyňy tämizlemek, egin-eşigiňe serenjam bermek, nahardan öň we soň eliňi ýuwmak, saçyňa we dyrnagyňa timar bermek – bularyň ählisi peýdaly endiklerdir. Arassaçylyk düzgünlerine degişli endikleriň arasynda dişiňi ýuwmak hem bar. Eýsem, dişiňi haçan we näçe wagt ýuwmaly?
Bilermenler dişi her gün iki gezekden köp ýuwmagy maslahat bermeýärler. Esasan hem, dişi agşam naharyndan soň, ýatmazdan öň ýuwmak saglyk üçin örän peýdalydyr. Uzakly gün agyzda toplanan iýmit galyndylaryny ýatmazdan öň arassalap aýyrmak rahat uklamaga ýardam edýär.
Diş çotgasyna noýba dänesi ýaly ululykda diş pastasyny damdyrmaly. Pastany aşa köp guýmak maslahat berilmeýär. Dişi azyndan 2 minutyň dowamynda arassalamaly. Çaltlyk bilen arassalananda dişleriň arasyndaky iýmit galyndylary doly aýrylmaýar. Şol sebäpli howlukmazdan dişleri ýeterlik derejede çotgalamaly. Pastanyň köpürjigini doly derejede agyz boşlugyndan aýyrmaly. Munuň üçin agzyňy birnäçe gezek çaýkamaly. Dişleri arassalamagy başga zatlara üns bermezden we geplemezden ýerine ýetirmeli. Diş pastasyny bilmezden ýuwutmak ýa-da köpürjikli suwy içmek saglyk üçin zyýanlydyr.
Diş çotgasynyň we pastanyň çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä niýetlenen görnüşini saýlamaly. Şeýle hem her 3 aýdan diş çotgasyny çalşyp durmaly. Diş çotgasynyň könelmegi agyz boşlugynda ýaralaryň we mikroblaryň döremegine getirip biler. Diş çotgasyny ýörite gapda hem-de sabyndyr ýuwujy serişdelerden uzak ýerde saklamaly.