ABŞ-da 90 ýaşly ekiz uýalar Mauriliýa Çawez we Andrea Lopez 81 ýyl aýralykdan soň tapyşdylar. Bu barada “Metro” habar gullugy mälim etdi. Ekizleriň aýtmagyna görä, olar biri-birini hiç haçan görmedik ýaly duýgyny başdan geçiripdirler. Gyzlar ene-atalarynyň ölümi sebäpli bäş ýaşyndakalar aýry-aýry maşgalalara berlipdir. Uýalar iň soňky gezek biri-birini dokuz ýaşyndaka görüpdirler.
-Ony ömrümde ilkinji gezek gören ýaly boldum, sebäbi 81 ýyl aýralyk, gaty uzak döwür. Juda az zatlar ýadyma düşýär – diýip, Lopes aýtdy.
Aýallar DNK barlagy netijesinde tapyşdylar, olaryň ganybir dogandygy Amerika ýurtlarynyň belli baýramçylygy “Thanksgiving Day” gününde ýüze çykarylypdyr. Şondan soň Las-Wegasda ýaşaýan Lopes Denwerde ýaşaýan ekiztaýy Çawesi görmäge barypdyr.
-Men dünýädäki iň bagtly adam, sebäbi indi ony görüp bilerin öýdemokdym. Meniň bagtly maşgalam bolsa-da ýalňyzdym, çünki maňa aýal doganym zerurdy – diýip Çawes gürrüň berdi.