14-nji fewraldan başlap, Indoneziýanyň Bali adasynda syýahatçylar üçin «giriş tölegi» giriziler. Şeýlelikde, daşary ýurtly myhmanlar bu ada barmak üçin 150 müň indonez rupisi (10 amerikan dollaryna golaý) tölemeli bolarlar. Salgyt dünýäniň iň baý tebigatly ýerleriniň biri bolan bu ada barýanlaryň sanyny azaltmak hem-de ol ýerde ýüze çykyp biljek zyýanyň öňüni almak maksady bilen girizildi.
Mundan ozal, dünýäniň aşa köp syýahatçy barýan Wenesiýa (Italiýa), Barselona (Ispaniýa) ýaly ýerlerinde hem şeýle salgytlar girizilipdi.