Geçen ýyl dünýäde iň köp satylan telefonlary mälim edildi. Sanawyň başynda gymmat telefonlaryň bardygyny görmek bolýar. Pandemiýanyň yzýany tehnologiýa kompaniýalarynyň satuwy birneme togtady. Şeýle-de bolsa geçen ýyl “premium” derejeli telefonlara islegiň ýokary bolandygyny görmek bolýar. “Canalys” şereketiniň taýýarlan maglumatyna görä, geçen ýyl iň köp satylan telefonlaryň ilkinji onlugynda diňe “iPhone” bilen “Samsung” bar. Birinji ýeri eýelän “iPhone 14 Pro Max”-dan dünýäde 34 million adam satyn alypdyr. Sanawyň ikinji ornuny eýelän “iPhone 15 Pro Max”-dan 33 milliony satylypdyr. “iPhone 14” (29 million), “iPhone 14 Pro Max” (29 million) we “iPhone 13” (23 million) ilkinji bäşlige giripdir. Amerikan brendiniň esasy bäsdeşi, köp ýyllap dünýäniň iň köp telefon satan kompaniýasy bolan “Samsung” smartfony ilkinji onluga giripdir. Sanawyň dördünji ornuny eýelän “Galaxy A14 4G”-den 21 milliony satylypdyr. Ýedinji ýerdäki “iPhone 15 Pro”-dan 21 million satylypdyr. “Galaxy A54 5G”, “Galaxy A14 5G” hem-de “iPhone 15” smartfonlarynda 17 million töweregi satylyp ilkinji onlugyň soňky basgançagyny eýeläpdir.