Kot-d’Iwuarda geçirilen 34-nji Afrika Milletler Kubogynyň finalynda ýer eýeleri bilen Nigeriýanyň ýygyndylary duşuşdy. Abidjandaky Alassane Ouattara adyndaky stadionda oýnalan finala mawritaniýaly Dahane Beida eminlik etdi. Duşuşyga tomaşa etmek üçin 57 müň 94 janköýer stadiona ýygnandy.

Çekeleşikli geçen duşuşygyň 1-nji ýarymynda Nigeriýanyň ýygyndysy Troost-Ekongyň 38-nji minutdaky goly bilen öňe saýlandy. Ýöne 2-nji ýarymda ýer eýeleri özüni dürsemegi başardy. Duşuşygyň 62-nji minutynda Frank Kessi hasaby deňledi. Oýnuň 81-nji minutynda bolsa Sebastian Haller ýer eýelerini öňe çykardy. Galan minutlarda-da Nigeriýanyň ýygyndysyna hasaby deňlemek ýa-da öňe saýlanmak başartmady. Şunlukda, Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy 2-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, 1992-nji we 2015-nji ýyllardan soň taryhynda 3-nji gezek yklymyň çempiony bolmagy başardy. Bu ugurda Nigeriýa bilen deňleşen Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy Müsür (7), Kamerun (5), Ganadyr (4) Nigeriýadan (3) soň 5-nji orunda barýar. Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy 2006-njy we 2012-nji ýyllarda finalda ýeňlipdi.

Afrika Milletler Kubogynda 12-nji gezek ýer eýeleri çempionlyk gazandy.

1980-nji, 1994-nji hem-de 2013-nji ýyllaryň çempiony Nigeriýanyň ýygyndysy 1984-nji, 1988-nji, 1990-njy we 2000-nji ýyllardan soň 5-nji gezek finalda ýeňlişe sezewar boldy.

Toparçalardaky duşuşyklara Gwineýa-Bissauny 2-0 hasabynda utup, ýeňiş bilen başlanam bolsa, Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy 2-3-nji duşuşyklarynda Nigeriýadan (1-0) hem-de Ekwator Gwineýasyndan (4-0) asgyn geldi. Toparçada 3-nji orny eýeläp, 3-nji ýeri eýelänleriň arasynda iň gowy 4 toparyň soňkusy bolup, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy. Toparçalardaky duşuşykdan soň ýygyndynyň fransiýaly baş tälimçisi Žan-Lui Gasse wezipesinden boşadylyp, ornuna ýerli hünärmen Emerse Fae wagtlaýynça tälimçilige bellendi. Şondan soň 1/8 finalda soňky çempion Senegaly soňky minutlarda Kessiniň penaltiden geçiren goly bilen hasaby deňläp, penaltileriň netijesinde-de çärýek finala çykdy. Çärýek finalda Mali bilen duşuşan Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy Adinganyň goly esasynda 90-njy minutda hasaby deňledi. Goşmaça wagtyň hem iň soňky minutlarynda Diakiteniň goly bilen ýeňşini baýram etdi. Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy ýarym finalda-da Kongo DR-niň ýygyndysyny Halleriň ýeke-täk goly esasynda ýeňipdi.

Baýrakly 3-nji ýer ugrundaky duşuşykda-da esasy we goşmaça wagtynda hasap açylman, penaltileriň netijesinde Günorta Afrikanyň ýygyndysy Kongo DR-niň ýygyndysyny 6-5 hasabynda utdy. Günorta Afrikanyň ýygyndysy 2000-nji ýyldan soň 2-nji gezek bürünç medala mynasyp boldy.

Kongo DR-niň ýygyndysy-da 1972-nji ýyldan soň 2-nji gezek 4-nji orny eýeledi.

Çempionatyň çäginde geçirilen 52 duşuşykda derwezelere 119 gol girizildi (ortaça 2,29 gol). Bu çempionat iň köp gol geçirilen Afrika Milletler Kubogy boldy.

Çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip, Nigeriýanyň William Troost-Ekong saýlandy. 5 gezek tapawutlanan Ekwator Gwineýasynyň futbolçysy Emilio Nsue iň köp gol geçiren oýunçy boldy. Çempion toparyň futbolçylaryndan Simon Adinga çempionatyň iň ökde ýaş oýunçysy, Günorta afrikaly Ronwen Williams iň ökde derwezeçi diýlip saýlandy.

35-nji Afrika Milletler Kubogy 2025-nji ýylda Marokkoda geçiriler.