“Ember” maglumat beriş kompaniýasynyň soňky taýýarlan maglumaty Ýewropada arassa energiýa geçişiň geçen ýyl örän ýokary depginde bolandygyny görkezdi. 2023-nji ýylda sebitde ýel we Gün energiýasynda güýçli artyş hasaba alnypdyr. Şeýle hem Ýewropa ýurtlarynda kömrüň çykarylyşynyň we sarp edilişiniň hem görnetin azalandygyny görmek bolýar. Elektrik energiýasyny öndürmekde tebigy gazyň paýy hem ep-esli azalypdyr.
Kömürden alnan elektrik energiýasy 26 göterim azalyp, 333 TW/sagat bolupdyr. Şeýlelikde, sebitde elektrik energiýasynyň 12 göterimi kömür ýangyçly beketlerden alnypdyr. Gazdan elektrik önümçiligi hem 15 göterim azalyp, 1990-njy ýyldan soňky iň uly ýyllyk pese gaçyşlyk hasaba alnypdyr. Şeýlelikde ýerasty serişdelerden alynýan elektrik energiýasy 2023-nji ýylda 19 göterim azalyp, ilkinji gezek üçden birinden aşak düşüpdir. Gün we ýel energiýasy bolsa, degişlilikde, 73 TW/sagat hem-de 90 TW/sagat bilen önümçilikde iň ýokary derejä ýetipdir. Bu iki tebigy çeşmeden alnan elektrik energiýasy umumy öndürilen elektrik energiýasynyň 27 göterimini emele getirip, ilkinji gezek dörtden birden ýokary çykypdyr. Ýelden alnan elektrik energiýasy 18 göterim bolup, ilkinji gezek gazdan alnan energiýadan köp bolupdyr. Bu görkezijiniň Fransiýanyň umumy önümçiligine – 475 TW/sagada deňeçer. Günden alnan elektrik energiýasy bolsa, umumy öndürilen elektrik energiýasynyň 9 göterimini (246 TW/sagat) emele getiripdir. Gidroelektrik beketlerden alnan energiýanyň paýy bolsa 44 göterim bolupdyr. Arassa çeşmelerden alnan elektrik energiýasynyň artmagy hem-de elektrik energiýasyna bolan islegiň azalmagy bilen Ýewropa Bileleşiginde energiýa pudagynyň emissiýasy hem azalyp, 19 göterim bolupdyr.
Arassa energiýanyň artmagy hem-de elektrik energiýasyna bolan islegiň azalmagy-da ýerasty energiýa gorlarynyň önümçiliginiň azalmagyna getirýär. Geçen ýyl sebitde elektrik energiýasyna bolan isleg 2022-nji ýyldakydan 3,4 göterim, 2021-nji ýyldakydan 6,4 göterim az bolupdyr.
Ýewropa Bileleşigi elektrik energiýasyny has köp arassa çeşmelerden almak üçin “REPowerEU” maksatnamasyny taýýarlapdy. Maksatnama görä, Günden we ýelden alynýan elektrik energiýasynyň möçberi 2030-njy ýyla çenli 55 göterime ýetirilmeli bolar. Ýokarda bellenilişi ýaly, geçen ýyl bu görkeziji 27 göterim bolupdyr. Ýel energiýasy geçen ýyl 13 göterim ösüpdir. Emma “REPowerEU” maksatnamasyna ýetmek üçin bu görkezijiniň 2030-njy ýyla çenli her ýylda 15 göterim artdyrylmagyna zerurlyk duýulýar.