8-nji fewralda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy Sankt-Peterburgyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan Türkmenistanly talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.
Duşuşygyň barşynda talyplar döwletimiziň ýaşlar barada edýän aladalary, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň bilimde, ylymda, sportda we beýleki ugurlarda gazanan üstünlikleri, şeýle hem Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek babatynda olaryň öňünde durýan wezipeler barada giňişleýin beýan edýän Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabyna ägirt uly gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşykda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda türkmen poeziýasynyň nusgawy şahyry, pelsepeçi we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllyk ýubileýini döwlet we halkara derejelerinde belläp geçmek babatynda ýaýbaňlandyrylan we amala aşyrylýan giň göwrümli işlere aýratyn üns berildi.
Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek iri halkara ylmy maslahatlaryň we baýramçylyk çäreleriniň arasynda Sankt-Peterburgda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy we Moskwada, Kazanda, Astrahanda, Woronežde halkara ylmy maslahatlary we tegelek stollary geçirmek boýunça çäreler agzalyp geçildi.