Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanýar. Bu ugurdaky ösüşleri ýurdumyzda bina edilýän iri göwrümli taslamalarda görmek bolýar.
Geçen hepdede geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz Hökümet agzalarynyň we beýleki ýolbaşçylaryň 2023-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri baradaky hasabatlaryny diňläp, geçen ýylyň netijelerini häsiýetlendirdi we 2024-nji ýylda öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ileri tutulýan wezipeleri barada aýdyp, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini belledi.
Şu ýyl Aşgabat şäherinde bir gije-gündizde 150 müň kubmetr agyz suwuny arassalaýjy desga, «Dokmaçylar» medeni merkezi, Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy, «Parahat–7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze, döwrebap obalar, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumy, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry, Mary şäherinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy gurlup ulanmaga berler. Şeýle hem Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölegi işe giriziler.
Şu ýylyň dowamynda Garaşsyz ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe halkara çäreler geçiriler.
Umuman, ýurdumyzda 2024-nji ýylda 49 sany iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.
Ysmaýyl ORAZNUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.