Dünýäniň iň iri awtoulag öndürijileri bolan «Stellantis» hem-de «Mercedes-Benz» Ýewropada üç sany täze elektroulag zawodyny gurarlar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin 4,4 milliard ýewro bölünip berlipdir. Kompaniýalar bu barada beren maglumatynda önümçilik desgalarynyň doly işe girizilmegi üçin jemi 7 milliard ýewro möçberinde pul serişdesiniň gerekdigini bellediler. Zawodlaryň ikisi Germaniýanyň Kaýzerslautern we Italiýanyň Termoli şäherlerinde gurlar. Fransiýada guruljak zawodyň bolsa entek ýeriniň anyklanmandygy bellenildi. Elektroulag zawodlarynda jemi 6 müň adam üçin iş ornunyň dörediljekdigi mälim edildi. Taslamany «BNP Paribas», ING, «Deutsche Bank» hem-de «Intesa Sanpaolo» maliýeleşdirýär. Arassa energiýa bilen işlejek ulaglaryň öndüriljek zawody üçin Germaniýanyň we Fransiýanyň hökümetleri 1,3 milliard ýewro berer.