Gyzyl reňk reňkler dünýäsinde iň güýçlüsi hasaplanýar. Bu reňk adamlarda söýgi, mähir, rahatlyk duýgusyny döredýär. Dil biliminde «gyzyl» sözi köplenç aýratyn nygtalýan, artykmaçlygy bolan zatlarda ulanylýar. Mysal üçin, gyzyl kitap, gyzyl diplom we ş.m.
Gyzyl reňk her halkda dürlüçe many öwüşginini döredýär. Amerikanlar gyzyl reňki söýginiň nyşany hasaplaýan bolsa, hytaýlylar ýagşylygy, akgöwünliligi, şowlulygy, rowaçlygy we hormat-sylagy gyzyl reňk bilen alamatlandyrýarlar. Bu reňk hindilerde bagtly durmuşy, döredijiligi we egsilmez gujur-gaýraty aňladýar. Şeýle hem hindi zenanlary maňlaýyna çalýan gyzyl boýagyny adamy şowsuzlyklardan gorap saklaýan, bagt getirýän güýç diýip hasaplaýarlar. Ruslarda göreşi we işjeň hereketi aňladýan bu reňk Singapurda şadyýanlygyň we ruhubelentligiň nyşany hasaplanýar. Gyzyl reňk iňlisleriň hem medeniýetine düýpli ornaşyp, iki gatly gyzyl awtobuslarynyň we gyzyl telefon dükançalarynyň ýurduň milli nyşanyna öwrülmegi ýöne ýerden däl. Gyzyl reňk skandinaw ýurtlarynda hem meşhurdyr.
Gyzyl reňkiň täsiri
Psihologlar gyzyl reňki adamy durmuşa höweslendirýän, işjeňligini artdyrýan we güýç-kuwwat berýän reňk diýip tassyklaýarlar. Gyzyl reňki köplenç dogumly, işeňňir we gujurly adamlar saýlap alýarlar. Köp ýurtda bu reňkiň söýginiň nyşany hasaplanýandygy sebäpli, esasan, gyzyly aşyklar saýlaýarlar. Gyzyl reňkli egin-eşikler barada aýdylanda zenanlar bu reňke has köp ýykgyn edýärler. Gyzyl reňk zenanlary gelşikli, mylakatly we bagtly görkezýär. Bu reňk beýleki reňklere görä adam aňyna has çalt täsir edýär. Şol sebäpli ýol hereketindäki duýduryjy belgilerde hem gyzyl reňk has köp ulanylýar.