Dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň sanawy üýtgedi. Mundan ozal bu babatda üçünji orunda durýan Ýaponiýada içerki islegiň pese gaçmagy zerarly, Germaniýadan aşak düşdi. Şeýlelikde Germaniýa üçünji, Ýaponiýa dördünji boldy. Ýaponiýanyň hökümetiniň maglumatyna görä, ýurduň jemi içerki önümi (JIÖ) geçen ýylyň soňky çärýeginde ozalky çärýekden 0,1 göterim, ýyllyk derejede 0,4 göterim azalypdyr. Bilermenler degişli döwürde ýurduň ykdysadyýetiniň ösjekdigini çaklapdylar. Geçen ýylyň dowamynda Ýaponiýanyň nominal jemi içerki önümi (öndürilen harytlaryň we hyzmatlaryň umumy bazar bahasy) 4,2 trillion dollar bolan bolsa, Germaniýada bu görkeziji 4,5 trillion dollar diýlip hasaba alnypdyr.
Bilermenler ýapon ýeniniň gymmatynyň pese gaçmagynyň hem muňa täsir edendigini belleýärler. Ýapon ýeniniň gymmaty soňky iki ýylda amerikan dollary bilen deňeşdirilende 18 göterimden gowrak peseldi.
ABŞ we Hytaý dünýäniň iň uly ykdysadyýetleri hasaplanýar. Hytaý 2010-njy ýylda bu babatda Ýaponiýadan öňe geçipdi. Häzirki wagtda iki ýurduň ykdysady ululygy bilelikde alnanda-da, ABŞ-nyňkydan (14,6 trillion) pesdir. Şeýle-de bolsa Hytaýyň ösüşiniň dowam eden ýagdaýynda öňde-soňda ABŞ-dan öňe geçjekdigi bellenilýär.
Döwran Baýramow, Türkmen döwlet mäliýe institutynyň talyby.