ABŞ-nyň abraýly Garward uniwersitetiniň “QuEra” startapy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäde ilkinji durnukly kwant kompýuterini işe girizmegi meýilleşdirýär. Onuň kuwwaty 256 fiziki kubite we 10 logiki kubite deň bolar. Startap onuň kuwwatlylygyny 2026-njy ýyla çenli 10 müň fiziki kubite hem-de 100 logiki kubite çenli artdyrmak isleýär. Şeýlelikde, bu islendik döwrebap superkompýuterlerden öňe geçmäge mümkinçilik berer. Kwant kompýuterleri hasaplaýyş işlerini adaty kompýuterler ýaly yzygiderli däl-de, parallel ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Bu hem dürli ugurdaky meseleleri tiz we netijeli çözmäge ýardam berýär.