31.1 C
Ashgabat
Bu bölümde siz online synaglary çözüp bilimiňizi kämilleşdirip bilersiňiz.

Özüňi syna

1 Togsan gat dony bar, Togalak gelen boýy bar.
2 Uzyn sakgally özi, Mydam ekinde gözi.
3 Orakdan egri, Okdan dogry.
4 Özi semiz, Boýy ýok. Derisi galyň, Tüýi ýok.
5 Dagda diňňildär, Suwda siňňildär.
6 Asty hem dag, Üsti hem dag, Arasynda – sary ýag.
7 Zigir-zigir aýagy bar, Segsen demir taýagy bar.
8 Ýaganda sany bolmaz, Gün çyksa, jany bolmaz.
9 Ýere urdum paltany, Agzy gyzyl haltany, Ýerden bir oglan çykdy, Uly iliň soltany.
10 Hatar-hatar obalar, Ak sakgally babalar.
11 Sakgaly bar, murty ýok.
12 Bir guş tutdum, jany ýok, Başyn kesseň, gany ýok, Içinde üç ýumurtga, Jüýjesiniň sany ýok.
13 Bir zadym bar daşa ursaň döwülmez, suwa ursaň döwüler
14 Boýy bir garyş, Sakgaly iki garyş
15 Agyl doly akja guzy, ertir tursaň ýokja guzy
16 Sary gyzym ýer astynda, Saçbagysy ýer üstünde.
17 Pel üstünde peşli ahun.
18 Togalakdyr, Hoz däldir, Owadandyr, Gyz däldir, Açylanda ak gardyr.
19 Bir alaja ýüpüm bar nirä uzatsam ýetýär.
20 Saýrap saýranok, Uçup uçanok,Näme üçin ol guş,menä bilemok
Testi Barla
© Zaman Türkmenistan | Ähli hukuklary goralandyr.