21.9 C
Aşgabat

KROSSWORD


Krosswordyň soraglary

1. Mallaryň kellesine salynýan, baglanýan düwünli ýüp
2. Doglan çaga şahsy at bermek, isimini belli etmek.
3. Aýagyň kömegi bilen işledilýän tikin maşyny.
4. Öýli-işikli bolan, öýlenen.
5. Özara gatnaşykly.
6. Gelnalyja gidilende, diwaryň, tärimiň ýüzüne gerilýän dörtburç mata bölejiklerinden edilen bezeg esbaby.
7. Ada we abraýa mynasyp bolan, at-abraý gazanan.
8. Aňyrsyna geçmek, ötmek.
9. Gäminiň gapagyna ýygnanýan suw akar ýaly deşik.
10. Saglyk, gurgunlyk.
11. Bir zat barada, biri hakynda edilýän pikir, ünji.
12. Gorkuly tisginmek, ör gökden gelmek.
13. Ýelkenli gaýygyň, nawuň art tarapynda dalagyň üstünde aý görnüşinde egrelip duran tagta.
14. Oba hojalygynyň at ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan pudagy.
15. Edilýän gürrüňiň içinde adyny ýatlap geçmek.
16. Algysy bolan adam.
17.
18. Aýyň daş-töwereginde agymtyl halka emele gelmek.
19. Ar-namysy bilmeýän, binamys, adamkärçilik mertebesi pes, ygrarsyz.
20. Ýetişibildiginden, elinde baryny edip.
21. Haryt saklanýan ýer.
22. Ulag güýjüni ölçeýiş birligi.
23. Balyk tutulýan uly tor.
24. Tygşytly, ýerlikli.
25. Goş-golam salmak üçin agzy gözelýän çuwal.
26.
27. Selinden başga hiç zat bitmeýän uly çäge depesi.
28. Ojuk-bujuk, oduk-buduk.
29. Gytyk, sary tüýli, erkeginiň boýny ösgün tüýli wagşy haýwan.
30. Naşyja, enaýyja, gelşiklije.