“Zaman-Türkmenistan” gazeti 1992-nji ýylyň noýabr aýynda döredilip, ýurdumyzdaky täzelikleri, syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, sportda we beýleki ugurlarda dünýäniň dürli künjeginde bolup geçýän täzelikleri, gyzykly we täsin wakalary gyzgyny bilen okyjylara ýetirýär. “Zaman-Türkmenistan” gazeti ilki neşirýat kärhanasy, 2004-nji ýylda jogapkärçiligi çäkli bileleşik, 2007-nji ýyldan bäri bolsa hojalyk jemgyýeti hökmünde iş alyp barýar.
“Zaman-Türkmenistan” gazetiniň döredijilik topary hormatly Prezidentimiziň döredip beren ajaýyp mümkinçiliklerinden peýdalanyp, okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanmak ugrunda yhlasly zähmet çekýär. Döredijilik topary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny türkmen halkyna hem-de dünýäniň beýleki ýurtlarynyň okyjylaryna ýetirmek maksady bilen şanly senelere bagyşlap ýörite sanlary taýýarlaýar. Ýörite sanlaryň halk köpçüliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolmagy gazetiň işgärlerini yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär.
Döredijilik toparymyz dürli döwürde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglandy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň döredijilik topary 2010-njy ýylda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
“Zaman-Türkmenistan” gazeti hepdelik neşir bolup, 2005-nji ýyldan bäri internet saýty arkaly dünýäniň ähli ýerindäki okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Gazetimiziň internet saýty yzygiderli täzelenýär. Mundan başga-da, okyjylar smartfonlar üçin döredilen applikasiýadan peýdalanyp bilýärler. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde çap edilýän gazet “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ýaýradylýar.
Esasy Biz barada