ABŞ Afrika 55 milliard dollar bölüp bermekçi. Bu barada Ak tamyň wekilleri Jozef Baýdeniň Waşingtonda ABŞ-Afrika sammitinde gatnaşýan yklymyň ýolbaşçylary bilen duşuşygyndan öň habar berdiler.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Salliwanyň pikiriçe, bu serişdeler, esasan hem, saglygy goraýyş we howanyň üýtgemegine garşy göreş üçin ulanylar. Şol bir wagtyň özünde, bölünip berlen pul serişdeleriniň çeşmeleri we paýlanyşy barada jikme-jik maglumat bermedi. J.Sulliwan munuň “anyk meseleleri çözmek üçin ätiýaçlyklaryň hakyky jemlenmesi” boljakdygyny aýtdy.

Afrika ýurtlarynyň birnäçesinde ilçi bolup işlän 79 ýaşly diplomat Jonni Karson bu ägirt uly maliýe wadalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin ýörite wekil wezipesine bellendi.

13-15-nji dekabr aralygynda Waşington şäherinde geçirilýän üç günlük ABŞ-Afrika sammiti ABŞ-nyň Afrika yklymy bilen gatnaşyklaryny dikeltmek üçin döredildi.