ABŞ Ýuwaş ummanyndaky ada döwletleri bolan Kuk adalarynyň hem-de Niueniň garaşsyzlygyny ykrar etmek kararyna geldi. Ýurduň Prezidenti Jo Baýden ABŞ-nyň Ýuwaş ummanyndaky iki kiçi döwlet bolan Kuk adalaryny we Niueniň garaşsyzlygyny ykrar etjekdigini aýdyp, mundan ozal ýurduň ygtyýarly ýolbaşçylary tarapyndan mälim edilen gürrüňi tassyklady.
Prezident Baýden geçen ýylyň 28-29-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisine gatnaşmak üçin bu ýurda baran Ýuwaş ummanyndaky ada döwletleriniň ýolbaşçylary bilen Ak Tamda birinji sammiti geçiripdi. Şu hepdäniň birinji we ikinji günleri şeýle formatdaky sammitiň ikinjisi geçirilýär.
Baýden bu barada eden çykyşynda ABŞ-nyň Kuk adalary bilen hyzmatdaşlygynyň geçen asyryň ortalaryna çenli uzaýandygyny belledi.
Ak Tam bu sammitde gozgaljak esasy meseleleriň klimatyň üýtgemegi, ykdysady ösüş, durnukly ösüş, halkyň saglygy we bikanun balykçylygyň öňüniň alynmagy boljakdygyny belledi.
Ýuwaş ummanyndaky Kuk adalaryny we Niue Täze Zelandiýanyň assosirlenen döwletleri bolup, bu ýurt bilen ýakyndan syýasy gatnaşyk saklaýar. Bu ýurtlaryň özbaşdak administrasiýa bolup, halkara guramalaryň birnäçesine agza bolup durýarlar. Şeýle-de bolsa, bu ýurtlar enten Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler däl.