“Wall Street Journal” neşiriniň habaryna görä, geçen ýyl ýurtdan göçüp gidenleriň sany rekord derejä ýetdi. Ýurtda 1929-njy ýyldaky Uly çökgünlikden soňra ilkinji gezek şeýle derejede göçüşlik hasaba alyndy. 2025-nji ýylda ýurtdan göçüp gidenleriň sany, göçüp baranlardan has köp bolupdyr. Neşir munuň sebäbi hökmünde, has berk migrasiýa syýasaty we wiza çäklendirmeleri bilen baglydygyny görkezýär. Ýurdy terk edenleriň arasynda diňe wagtlaýyn ýaşaýanlar däl, eýsem, amerikan raýatlary hem az däl. Maşgalalary bilen ýurtdy terk edenleriň köpüsiniň Ýewropa ýurtlaryna göçüp barandyklary bellenilýär. Neşiriň bellemegine görä, geçen asyryň ortalaryndan bäri, daşary ýurda göçüp gidenleriň sany bilen bagly maglumat toplanmaýar. Agzalan maglumatlar bolsa, 50-den gowrak ýurtdaky ýaşamak üçin alnan rugsatnamalar, satyn alnan jaýlar we beýleki maglumatlar esasynda toplanypdyr. Daşary ýurtlara gidenleriň arasyndaky talyplar hem az däl. Amerikan raýatlary has amatlydygy we beýleki medeniýetlerde ýaşap görmek maksady bilen daşary ýurtlarda ýokary bilim almaga gidýärler. Daşary ýurtda ýokary bilim alýan amerikanlaryň sanynyň 100 million töweregidigi bellenilýär.
Geçen ýylyň aprel aýyna çenli bolan bir ýyllyk döwürde ABŞ-dan Irlandiýa Respublikasyna 9 müň 600 adam göçüp barypdyr. Bu görkeziji ondan ozalky bir ýylda 4 müň 900 adam eken. Irlandiýa göçen amerikanlaryň sany, ABŞ-na göçüp baran irland raýatlaryndan köp bolupdyr.
Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurduň ählisine ýaşamak we işlemek üçin göçüp baran amerikanlaryň sany rekord derejä ýetipdir. Bu artyşyň dowam edýändigi bellenilýär. Iňlis we irland raýatlygyny almak üçin ýüz tutan amerikan raýatlarynyň sany hem taryhy rekord derejä ýetipdir. Neşiriň 15 ýurtda geçiren bölekleýin ýa-da giňişleýin toplan maglumatynyň netijesinde, geçen ýyl azyndan 180 müň amerikan raýaty bu ýurtlara göçüp barypdyr.
PDF









