Pentagon Donald Trampyň wada bermegine laýyklykda, näbelli uçýan obýektler (UFO) baradaky onlarça suraty, wideony we tekstleri köpçülige ýetirdi. Arhiwde “Apollon-12” missiýasyndaky düşnüksiz obýektler hem bar bolup, hökümet bu hadysalaryň tebigatyny entek doly kesgitläp bilmeýändigini boýun aldy. Täze maglumatlaryň ýene birnäçe hepdeden yzygiderli çap edilmegine garaşylýar.