Mýanmanyň Mogok sebitinde agramy 2,2 kg (11 000 karat) bolan örän seýrek we ýokary hilli ýakut daşy tapyldy. Ýurduň Maglumat ministrliginiň habar bermegine görä, bu daş özüniň ajaýyp reňki, durulygy we tebigy ýagdaýy bilen ozalky tapylan iri nusgalardan has gymmatly hasaplanýar. Gymmat bahaly daşlaryň mekany hökmünde tanalýan bu künjekde mundan ozal hem birnäçe äpet ýakutlar hasaba alnypdy.
PDF









