ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud Birleşen Ştatlaryň Prezidenti we halky adyndan BMG tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady. Bu barada Türkmenistanyň Habarlar portaly habar berýär.
Diplomat bu senäniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny we bitaraplygyň parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmekdäki möhüm ornuny görkezýändigini belledi.
Ilçiniň bellemegine görä, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen bitaraplyk hukuk derejesi berkidilen dünýäde ýeke-täk ýurt bolan Türkmenistan — bitaraplyk syýasatynyň dialoga, ynama we halkara hyzmatdaşlyga nähili hyzmat edip bilýändiginiň nusgasy boldy. Bu ýörelgeleriň durmuşa geçirilmegi ýurduň ynsanperwer başlangyçlarynda, hususan-da, Owganystandaky ýertitremede ejir çekenlere berlen ynsanperwer kömeginde öz beýanyny tapýar.
Elizabet Rud ABŞ-nyň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygyna ýokary baha berip, hemişe goldap gelýändigini aýtdy. Şeýle-de, BMG-niň 2020-nji we 2025-nji ýyllardaky kararnamalarynyň bu derejäni gaýtadan tassyklandygyny, onuň halkara howpsuzlygyna goşýan goşandyny aýratyn nygtandygyny ýatlatdy.
Ilçi üstümizdäki ýylyň birnäçe möhüm senelere gabat gelýändigini aýratyn belläp geçdi: Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy, «C5+1» platformasynyň 10 ýyllygy we ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy. Bu seneler özara hormat we ykdysadyýet, bilim hem-de innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin mümkinçilik döredýär.
ABŞ bilen Türkmenistanyň ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürip gelýändigini nygtan diplomat, «C5+1» we «B5+1» görnüşleriniň innowasiýa, bilim we işewürlik ugurlarynda gatnaşyklary giňeldip, Merkezi Aziýanyň durnuklylygyna we ösüşine hyzmat edýändigini aýtdy.
Şeýle hem Elizabet Rud hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen tutuş halka gutlaglaryny ýetirip, Türkmenistana parahatçylyk, durnuklylyk we rowaçlyk arzuw etdi.