ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine Eýranyň çäginden çykýan ABŞ-nyň raýatlaryna beren goldawlary üçin minnetdarlygyny bildirdi.
Ol bu barada ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 249 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaradaky Gutlag sözünde aýtdy.
Ol öz Gutlagynda: “ABŞ we Türkmenistan kyn günlerde birek-birege kömek etmäge taýýar. Şunuň bilen baglylykda men Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň adyndan soňky günleriň dowamynda Eýranyň çäginden çykýan raýatlarymyza berýän goldawlary we myhmansöýerligi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine uly minnetdarlygymy bildirmek isleýärin.” diýip belledi. Diplomat türkmen dilinde çykyş etdi.