ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp iňlis dilini Birleşen Ştatlaryň resmi döwlet dili hökmünde ykrar etmek baradaky karara gol çekdi. Resminama Ak tamyň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradyldy. “Bu karar iňlis dilini ABŞ-nyň resmi dili hökmünde kesgitleýär” diýlip, resminamada bellenilýär.
“Garaşsyzlyk Jarnamasy we Konstitusiýa ýaly biziň taryhy resminamalarymyz iňlis dilinde ýazyldy. Şonuň üçin iňlis diliniň Birleşen Ştatlaryň resmi dili diýlip yglan edilmegine wagt boldy” diýlip kararda bellenilýär. Kararda kabul edilen çäreleriň ýurduň raýatlary üçin umumy amerikan medeniýetiniň kemala gelmegine we ýurduň agzybirlige itergi berjekdigi nygtalýar.
Karar ABŞ-nyň 42-nji Prezidenti Bill Klintonyň 2000-nji ýyldaky kararyny ýatyrdy. Ozalky resminama laýyklykda, federal maliýeleşdirmesini alýan edaralar we guramalar iňlis dilinde geplemeýänlere terjime bilen kömek etmelidi. Şol bir wagtyň özünde, edaralar öňküsi ýaly dürli dillerde resminamalary we hyzmatlary hödürläp biler. Bu resminama “ähli raýatlar üçin umumy amerikan medeniýetini ösdürmek, hökümet işinde yzygiderliligi üpjün etmek we Amerikanyň bähbitleri üçin raýat işjeňligine tarap ýol döretmek” maksady bilen gol çekildi.
ABŞ-nyň Ilat ýazuwy býurosynyň maglumatlaryna görä, amerikalylaryň 78 göterimden gowragy gündelik durmuşynda diňe iňlisçe gepleşýär. Şeýle-de bolsa, millionlarça amerikan raýaty we bu ýurda göçüp gelen adamlar wýetnam, ispan we hytaý ýaly beýleki dillerde gepleşýärler. Mysal üçin, ispança ýurduň ilatynyň 13 göterimi üçin ilkinji dil hasaplanýar.
Ýatlap geçsek, ABŞ-nyň 250 ýyllyk taryhynda hiç haçan federal derejede resmi dil bolmandy. Ýöne Birleşen Ştatlaryň raýatlygyny almaga isleg bildirýänler iňlis dilinden synag tabşyrmaly. Öň 30-dan gowrak ştat iňlis dilini resmi dil diýip yglan edýän kanuny kabul edipdi.