ABŞ-nyň Senaty Rod-Aýlend ştatynyň gubernatory Jina Raýmondony söwda ministri wezipesine belledi. Onuň dalaşgärligini iki aý çemesi mundan öň ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden hödürläpdi. Biznes bilen meşgullanýan 49 ýaşly J. Raýmondo, ştatyň häkimi wezipesiniň ikinji möhletini gysgaldyp, kasam kabul etdi. Jozef Baýden onuň ABŞ-da önümçiligi janlandyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy. ABŞ-nyň Kongresiniň ýokarky palatasynda onuň dalaşgärligini 84 kanun çykaryjy goldap, 15-si garşy çykdy.