11-nji noýabrda ABŞ-nyň San-Fransisko şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy (APEC) forumy öz işine başlady. Daşky gurşawa bagyşlanan hepdeligiň dowamynda dürli derejeli duşuşyklar geçirilýär.
Şu gün tamamlanýan foruma gatnaşýan agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi. Olaryň iň esasysy 15-nji noýabrda ABŞ-nyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirildi. Ýokary derejeli wekiliýetleriň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy meselesi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmeginden ybarat boldy. Duşuşyklardan öň söz sözlän ABŞ-nyň Prezidenti Baýden «Klimatyň üýtgemegi we emeli aň ýaly ýüzbe-ýüz bolunýan global kynçylyklar tagallalarymyzy birleşdirmegi talap edýär» diýip belledi.
Hytaýyň Başlygy Si Szinpin iki ýurduň taryhynyň, medeniýetiniň, sosial ulgamynyň we ösüş ugrunyň tapawutlydygyna ünsi çekip, şol sebäpli garaýyşlaryň tapawutly bolmagynyň adaty zatdygyny, emma iki tarapyň biri-birine hormat goýmagy, parahatçylykly ýaşamagy we iki tarapa bähbitli bolan hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edende, bu meseleleriň aradan aýryljakdygyny we uly ýurtlaryň arasynda kadaly gatnaşyklaryň ýola goýlup bilinjekdigini belledi.
Iki ýurduň ýolbaşçylary ikiçäk duşuşykdan soňra metbugatyň öňünde çykyş etdiler.
Prezident Baýden Hytaý bilen möhüm öňegidişlikleriň gazanylandygyna ynanýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol iki ýurduň hünärmenleriniň emeli aň bilen bagly töwekgelçilikleri we howpsuzlyk meselelerini maslahatlaşmak üçin duşuşjakdyklaryny belledi.
Hytaýyň Başlygy Si Szinpin ABŞ-Hytaý gatnaşyklarynyň dünýäniň iň ähmiýetli ikitaraplaýyn gatnaşygydygyny belledi. Ol bir ýurduň üstünliginiň, beýleki ýurt üçin mümkinçilikdigini aýtdy.
Sammite Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň 21 ýurdundan döwlet Baştutanlary, ministrlikleriň ýolbaşçylary, hususy pudagyň wekilleri we halkara jemgyýetçilik guramalary gatnaşdy.
Geçen ýylky ýokary derejeli ýygnak Tailandyň paýtagty Bangkokda geçirilipdi.