Demirgazyk Karolina ştatynyň Senford şäheriniň ýaşaýjysy Riki Nanneri içki duýgurlygynyň lotereýa biletini satyn almaga we 1 million dollarlyk jekpot utmaga kömek edendigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ol köpden bäri uly ýeňiş gazanmagy arzuw edipdir. Günleriň birinde, içki duýgusy oňa bagtyň ýakyn wagtda özüne tarap ýüzüni öwürjekdigini “duýdurýar”. Bu ynam şeýle bir güýçlüdi welin, Nunneri öz duýgusyny diň salmak kararyna geldi.
-Haýsydyr bir güýç maňa oýnap görmegi ümlän ýaly boldy – diýip, ol aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu utuş toplanyp giden hasaplary tölemäge we uzak möhletli maýa goýumlaryna gönükdiriler. Şeýle hem, ol bolup geçen wakalardan juda hoşaldygyny aýtdy.